Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 29-njy aprelde Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär diýip, hökümetçi “Türkmenportal” neşiri ilçihananyň «Telegram» sahypasyna salgylanyp habar berýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçary şol gün ir sagat sagat 10:00-da uçar. Uçar biletleriniň 27-nji aprelde awiakompaniýanyň Aşgabatdaky şahamçasynda satylyp başlanjakdygy, olaryň ortaça bahasynyň 600 amerikan dollary möçberinde boljakdygy habar berilýär.
Şu aralykda sosial mediada, garaşsyz neşirlerde çykan habarlarda Türkiýeden deportasiýa edilen we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkmenistana gitmäge synanyşan onlarça türkmenistanlynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary habar berilýär.
Sosial mediada çap edilen gysgajyk wideoda çykyş eden türkmen raýaty ildeşlerine ýüzlenip, watana dolanmak umydy bilen Azerbaýjana gelmezligi maslahat berýär we Hazardaky gämi gatnawynyň-da, Türkmenistan bilen arada uçar gatnawynyň-da ýokdugyny aýdýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.