Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda karantin çäklendirmeleri tapgyrlaýyn gowşadylýar


Illýustrasiýa suraty

Pandemiýanyň başyndan bäri öz çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän Türkmenistanda wirus aladalary sebäpli girizilen karantin çäklendirmeleri tapgyrlaýyn esasda gowşadylyp başlandy. Ýurtda bazarlaryň, dükanlaryň, söwda merkezleriniň we teatrlaryň käbirleri eýýäm açylan bolsa, ýene bir böleginiň maý aýynda öz işine girişmegine garaşylýar. Şeýle-de, welaýatlaryň arasyndaky uçar we otly gatnawlarynyň hem belli bir derejede gaýtadan dikeldiljekdigi aýdylýar. Şol bir wagtda, köpçülik ýerlerinde maska režimini berjaý etmek talaby saklanyp galýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary, garaşsyz neşir we hökümetçi websaýtlar habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, çäklendirmeleriň gowşadylýandygy baradaky maglumatlar Aşgabatdan Lebaba gelen ýörite toparyň sebitdäki saglyk resmileri bilen geçiren ýygnagyndan soň mälim boldy.

"23-nji aprelde Aşgabatdan gelen ýörite topar Lebap welaýatynyň häkimliginde ýygnak geçirdi. Bu ýygnaga welaýatyň saglyk ýolbaşçylary bilen Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň wekilleri gatnaşdy. Ýygnagyň dowamynda sebitara araçäkleri açmak we 5-nji maýdan başlap ähli welaýatlara uçar gatnawlaryny belli bir derejede täzeden dikeltmek barada karara gelindi" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinden Aşgabada günde iki sany uçar gatnawy bar. Olaryň biri irden sagat 7-de, beýlekisi giçlik sagat 7-de amala aşýar. Maý aýyndan başlap bu gatnawlaryň sany iki esse artar we gündelik reýsleriň sany dörde ýeter.

"5-nji maýdan başlap Türkmenabat-Daşoguz aralygynda hepdede bir sapar uçar gatnawy ýola goýlar" diýip, çeşmämiz otly gatnawlaryny belli bir derejede gaýtadan dikeltmek barada gürrüňleriň bardygyny hem aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýygnagyň dowamynda karantin çäklendirmeleri sebäpli öňden ýapyk duran ähli bazarlaryň doly güýjünde işläp başlamagyna hem rugsat berildi. Munuň netijesinde, Türkmenabatdaky iň uly iki bazar - 4-nji we 5-nji bazarlar - gaýtadan açyldy.

"Maýyň birinji ongünlüginde awtoulag postlarynyň hem açylmagyna garaşylýar" diýip, çeşmämiz sözüni jemledi.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada Lebap welaýat häkimliginden goşmaça maglumat almak synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistanda karantin çäklendirmeleriniň tapgyrlaýyn esasda gowşadylýandygy barada hökümetçi neşirler hem habar berýärler. "Orient" neşiri bütin dünýäde COVID-19 çäklendirmeleriniň ýatyrylýandygyny we gowşadylýandygyny aýdyp, 1-nji maýdan başlap Türkmenistanda-da teatrlaryň we konsert zallarynyň, dükanlaryň we söwda merkezleriniň, restoranlaryň we kafeleriň açylýandygyny belleýär.

Şol bir wagtda, "Orient" we "Türkmenportlar" neşirleri köpçülik ýerlerinde, şol sanda transport serişdelerinde maska režiminiň saklanyp galýandygyny, teatrlarda, kinoteatrlarda, söwda merkezlerinde we köp adamly ýerlerde sanitariýa we arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegiň zerurdygyny hem belleýärler.

"Orient" neşiri ýakynda uçar gatnawlarynyň Türkmenabatdan däl-de, Aşgabatdan amala aşyrylyp başlanandygyna hem ünsi çekdi. "Türkmenistandaky rus ilçihanasy tarapyndan yglan edilen nobatdaky Aşgabat-Moskwa çarter reýsi-de 29-njy aprelde "Türkmenistan howaýollary" kompaniýasy tarapyndan amala aşyrlar" diýlip, habarda adaty halkara uçar gatnawlarynyň dikeldilýändigi ýa dikeldilmeýändigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Bu aralykda, garaşsyz "Turkmen.news" neşiri ýurtda çäklendirmeleriň gowşadylmagy baradaky karara Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň 20-nji aprelde geçiren mejlisinde gelnendigini aýdyp, redaksiýa bu baradaky resminamanyň gelip gowşandygyny habar berdi.

Neşiriň 22-nji aprelde çap eden maglumatynda 21-nji aprelde açylmaly söwda merkezleriniň we bazarlaryň 12 sanysynyň sanawy çap edildi.

Şeýle-de, neşir 1-nji maýdan başlap, ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli alty sany banket zalyň we restoranyň, Içeri işler ministrligine degişli bir zalyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşigine degişli 12 banket zalynyň işine rugsat beriljekdigini hem belleýär.

Türkmenistanda karantin çäklendirmeleriniň gowşadylýandygy baradaky habar, ýurtda koronawirusa garşy göreşiň güýçlendirilendigi hakdaky maglumatlardan iki hepde soň yglan edildi. Azatlygyň dürli welaýatlardaky habarçylary maska režimine gözegçiligiň güýçlendirilendigini, bazarlaryň ençemesiniň gaýtadan ýapylandygyny 13-nji aprelde habar beripdiler.

Türkmenistan pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda berk karantin çäklendirmelerini girizdi. Bazarlar, dükanlar, söwda we güýmenje merkezleri, restoranlar we kafeler, teatrlar we kinoteatrlar ýapylyp, awtobus we otly gatnawlary doly diýen ýaly ýatyryldy, uçar gatnawlarynyň sany çäklendirildi. Soňky iki ýyldan hem köp wagtyň dowamynda bu çäklendirmeler käte gowşadylyp, käte-de berkidilýär. Türkmenistan pandemiýanyň başyndan bäri adaty halkara ýolagçy uçar gatnawlaryny häzire çenli dikeltmedik sebitdäki ýeke-täk ýurt we dünýädäki sanlyja döwletiň biri bolmagynda galýar.

Bu berk çäklendirmelere garamazdan, häkimiýetler ýurduň çäginde COVID-19-yň hasaba alynmandygyny tekrarlaýar. BSG türkmen häkimiýetleriniň ýurtda koronawirusyň ýoklugy barada aýdanlaryny ençeme gezek sorag astyna aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG