Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti konstitusiýa reformasy boýunça referendum geçirmegi teklip edýär


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew konstitusiýa reformasy boýunça milli referendum geçirmegi teklip etdi diýip, onuň edarasy 29-njy aprelde habar berdi.

Tokaýew şu ýyl nebite baý merkezi aziýa döwletinde, karar kabul etmegi merkezden daşlaşdyrmak maksady bilen, birnäçe konstitusiýa üýtgetmesini girizdi.

Tokaýew 29-njy aprelde gazak parlamentiniň mejlisinde çykyş edip, düzedişlere parlament däl-de, raýatlar göni ses berse has ýerlikli boljakdygyny, sebäbi ol üýtgeşmeleriň konstitusiýanyň üçden bir bölegini öz içine alýandygyny aýtdy.

Tokaýew referendumyň "möhüm demokratik instituta" wekilçilik edýändigini belledi we "Gazagystanda soňky referendumyň 1995-nji ýylda, häzirki Konstitusiýa tassyklanylanda geçirilendigini” ýatlatdy.

Ol referendumyň haçan geçiriljekdigini aýtmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG