Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tebigymy ýa-da emeli? Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daş keşbi gözegçilik astyna alynýar


Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany soňky wagtlarda Türkmenistanda zenanlaryň daş keşpleri bilen bagly güýçlendirilýän gözegçilige ser salýar.

Türkmen häkimiýetleri apreliň ortalaryndan bäri aýal-gyzlaryň daş keşbine gözegçiligi güýçlendirýär. Türkmenistanyň dürli sebitlerinde dodagyny çişirden, ýasama kirpik oturdýan, dyrnak ösdürýän, dyrnaklaryny boýatdyrýan, dar köýnek ýa-da jinsi geýýän gelin-gyzlar häkimiýetleriň nyşanasyna öwrüldi. Gelin-gyzlara garşy ilkibaşda botoks gadaganlygy bilen girişilen görülip-eşidilmedik kampaniýalar soňy bilen aýallaryň kirpiklerine, dyrnaklaryna, geýim-gejimine we saç reňkine çenli baryp ýetdi.

Ýöne “daş keşp gadaganlygy” diňe bir çişirilen dodaklar, uzaldylan kirpikler, ýa-da boýalan dyrnaklar bilen çäklenmedi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda indi aýallaryň awtoulaglaryň öň oturgyjynda oturmaklaryna rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanda zenanlaryň daş keşpleri bilen bagly güýçlendirilýän gözegçiligiň 11-nji aprel – 28-nji aprel aralygyndaky hronologiýasyna ser salýar. Gepleşigiň dowamynda soňky üç hepdäniň dowamynda bu tema boýunça Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri Sähra Gulam Nabiniň hem-de Gözel Hudaýberdiýewanyň taýýarlan maglumatlaryndan peýdalanyldy.

Tebigymy ýa-da emeli? Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daş keşbi gözegçilik astyna alynýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG