Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda metjide edilen hüjümde onlarça adam öldi


Adamlar Kabulyň Halyfa Sahip metjidine edilen hüjümiň sebitinden gaçýarlar.

29-njy aprelde Kabulyň Halyfa Sahip metjidinde adamlaryň namaza toplanan wagty amal edilen hüjümde azyndan 50 adam öldi. Bu barada metjidiň wekili habar berdi.

“Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň berýän resmi sanlaryna görä, hadysada 10 adam ölüpdir, 30-a golaýy hem ýaralanypdyr.

Saglyk wekilleriniň keselhanalara 65 jesediň we 75 ýaraly adamyň gowuşandygyny aýdandygy barada hem maglumatlar bar.

Metjidiň wekiliniň aýtmagyna görä, paýtagtyň sünni metjidinde adamlaryň juma namazyna duran wagty, janyndan geçen hüjümçiniň özüni partladandygyna meňzeýär.

Bu hüjüm musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Remezan aýynyň soňlanmagynyň öňýanynda amala aşyryldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG