Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary tarapyndan gabalan Azowstalyň çäginden 20 adam ewakuasiýa edildi


Ukrain söweşijileri tarapyndan goranylýan Azowstal metallurgiýa zawodyndan tüsse çykýar. Mariupol, 2022-nji ýylyň 25-nji apreli
Ukrain söweşijileri tarapyndan goranylýan Azowstal metallurgiýa zawodyndan tüsse çykýar. Mariupol, 2022-nji ýylyň 25-nji apreli

30-njy aprelde şenbe güni agşam Mariupolda rus goşunlary tarapyndan gabawda saklanýan Azowstal metallurgiýa zawodynyň çäginden 20 sany aýal we çaga çykaryldy. Muny Azow polkunyň serkerdesiniň orunbasary Swýatoslaw Palamar wideo habarynda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Azowstal sebitinde sagat 11-den bäri "dymyşlyk tertibi" işleýär. Bu käbir adamlary zawodyň çäginden çykarmaga mümkinçilik berdi.

Palamar ewakuasiýa edilenleriň ylalaşylan ugra - Ukrainanyň gözegçiligindäki Zaporožýe gitjekdigine umyt bildirdi.

Ondan öň Russiýanyň RIA Nowosti we TASS agentlikleri 25 parahat ýaşaýjynyň, şol sanda 6 çaganyň Azowstaldan gidendigini habar berdiler. Telegram kanallary Mariupolyň golaýynda BMG we Gyzyl Haç wekilleriniň gatnaşmagynda parahat ilaty zawoddan göçürmek barada gepleşikleriň başlandygyny habar berdi. Kiýew bu maglumatlary tassyklamady.

Şu hepde BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Moskwada duşuşdy. Gepleşiklerden soň rus tarapy Putiniň BMG we Gyzyl Haç guramasynyň Mariupoldan parahat ilaty çykarmagy guramalaşdyrmak işine gatnaşmagyna razydygyny habar berdi.

Azowstalyň töweregindäki wakalar baradaky habarlaryň fonunda Italiýanyň metbugaty Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweş başlanaly bäri Rim papasy Fransiskonyň adamlary çykarmak üçin gumanitar koridor guramak haýyşy bilen diplomatik kanallar arkaly üç gezek Moskwa ýüz tutandygyny aýtdy. Ol Mariupoldan parahat ýaşaýjylary hatda Watikanyň gämisi bilen deňiz arkaly ewakuasiýa guramagy teklip edipdir. Žurnalistleriň ýazmagyna görä, Russiýa üç gezek Fransisiň wekillerine zawoddan adamlaryň howpsuz çykmagyny kepillendirmeýändigini aýdypdyr.

Mariupol rus goşunynyň gözegçiliginde saklanýar. Diňe metallurgiýa zawodynyň çäkleri ukrain "Azow" batalýonynyň gözegçiliginde galýar. Harby güýçlerden başga-da şol ýerde birnäçe ýüz ýaraly adam, şeýle hem çagalar bar. Zawodyň çäginde näçe adamyň gizlenýändigi entek belli däl.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň başlygy Sergeý Şoigu Putin bilen ýakynda geçirilen söhbetdeşlikde Mariupolyň "azat edilendigi" barada habar berdi we Azowstaly ele almak üçin birnäçe gün gerek boljakdygyny aýtdy. Prezident muňa jogap edip zawodyň senagat zolagyna edilen hüjümi ýerliksiz diýip atlandyrdy we bu karary ýatyrmagy buýurdy.

Mariupolyň ýolbaşçylarynyň habar bermegine görä, şäherdäki rus goşunlarynyň giň gerimli hüjüminde 20 000-den gowrak ýaşaýjy ölüpdir.

XS
SM
MD
LG