Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Ukrain portlarynda millionlarça tonna gallanyň 'ýolundan saklanýandygyny' aýdýar


Ukrainanyň portlarynda dört ýarym million tonna gallanyň çykyş ýoly baglandy. Rus ýaragly hüjüminiň fonunda, deňiz ýollarynyň ýapylmagy zerarly, bu önümleri eksport etmek mümkin däl diýip, BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň wekili Martin Frik dpa agentligine aýtdy.

Uruş başlanmazyndan ozal Ukraina dünýäniň iň uly bugdaý eksport ediji we mekgejöwen öndüriji ýurtlarynyň biridi. Galla üpjünçiligi meselesinde köp ýurt ukrain bugdaýynyň importyna garaşly diýip, BMG-niň wekili belledi.

"Açlyk ýarag bolmaly däldir" diýip, Frik aýtdy. Ol, global azyk krizisini gowşatmak üçin, ukrain azyk önümleriniň beýleki ýurtlara gaýtadan iberilip başlamagyna çagyrdy.

Günbatar ýurtlary, bu iki döwletiň ikisi-de öňdebaryjy galla eksportçysy bolansoň, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky uruş sebäpli birnäçe ýurtda döräp biljek azyk krizisi we açlyk barada birnäçe gezek duýduryş etdiler.

Mart aýynda BMG azyk önümleriniň bahasynyň 12 göterimden gowrak ýokarlanandygyny aýtdy. Bu 1990-njy ýyldan bäri rekord dereje bolýar.

Azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy we Russiýadan we Ukrainadan getirilýän önümleriň kesilmegi, millionlarça adamyň subsidirlenen we arzan çörek önümlerine garaşly ýagdaýda ýaşaýan ýerleri bolansoň, Ýakyn Gündogarda, Afrikada we Aziýanyň käbir ýerlerinde azyk ýagdaýyna howp salýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG