Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Russiýanyň ilçisini Lawrowyň Gitler bellikleri üçin 'gepleşige' çagyrýar


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýewreý kärdeşi Ýaýr Lapid bilen. Arhiw suraty

Ysraýyl 2-nji maýda Russiýanyň ilçisini çagyrdy we daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Adolf Gitleriň ýewreý kökleri barada aýdan sözleri üçin Moskwadan ötünç soramagyny talap edýär.

Lawrow 1-nji maýda italýan teleýaýlymyna interwýu berende ondan, eger ýurduň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýewreý bolýan bolsa, Russiýanyň Ukrainany nädip "nasistsizleşdirmek” gürrüňini edip bilýändigi soraldy.

"Haçan-da olar ‘eger biziň özümiz ýewreýler bolsak, bu nähili nasistsizleşdirme’ diýseler, hawa, Gitleriň hem ýewreý kökleri bardy, şu sebäpden bu hiç zady aňlatmaýar” diýip, Lawrow Italiýanyň “Rete 4” telekanalyna terjimeçiniň üsti bilen beren jogabynda aýtdy.

“Biz eýýäm köpden bäri eşidip gelýäris, 'paýhasly ýewreý halky iň uly antisemitler ýewreýleriň özleridir' diýýär" diýip, Lawrow belledi.

"Ýewreýler Holokostda öz-özlerini öldürmediler" diýip, Lapid aýtdy. "Ýewreýlere garşy jynsparazlygyň iň pes derejesi ýewreýleriň özlerini antisemitizmde günäkärlemek" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ysraýylyň daşary işler ministri Ýaýr Lapid, öz sözleri bilen aýdylsa, "bagyşlap bolmajak, galmagally hem-de aýylganç taryhy ýalňyşlyk" diýip atlandyran sözleri sebäpli, Russiýanyň ilçisiniň "gaty berk gepleşige" çagyryljakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG