Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak kazyýeti Şimkent şäheriniň öňki resmisini korrupsiýada günäli tapdy


Karatau etrap kazyýetin

Şimkent şäher maliýe bölüminiň ozalky başlygy, Gazagystanda korrupsiýa sebäpli seýrek aýyplama esasynda, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäkär tapylyp, üç ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Kenžebek Žanbosynow Karatau etrap kazyýetiniň 5-nji maýda çykaran kararyndan soň derrew tussag edildi. Şeýle-de ol jemgyýetçilik wezipesini ýerine ýetirmekden ömürlik mahrum edildi.

Kazyýet 49 ýaşly Žanbosynowyň, şäher maliýe bölüminiň müdiri we Şimkent sosial we telekeçilik korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy hökmünde, kwartiralaryň bazar nyrhlaryndan satylmagynda gözegçilik etmek bilen, döwlete “düýpli zyýan ýetirendigini" aýtdy.

Gazagystan giň ýaýran korrupsiýa sebäpli ençeme ýyl bäri ejir çekýär we 2021-nji ýylda Halkara aýdyňlyk guramasynyň korrupsiýa garaýyş indeksinde 180 ýurduň arasynda 102-nji orunda ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG