Fiji häkimiýetleri, Waşingtonyň Moskwa garşy Ukraina esassyz çozmagy sebäpli girizen sanksiýalarynyň çäginde, rus eýeçiligindäki bir gymmatbaha ýahtany tussag etdi.
ABŞ häkimiýetleriniň rus oligarhy Süleýman Kerimowa degişlidigini aýdan 300 million dollarlyk super ýahtasy “Amadea” Suwanyň Ýokary kazyýetiniň bu gämini tussag etmek barada çykaran kararyndan iki gün soň saklandy.
“Bu karar ABŞ kanunlaryny bozýan şahsyýetleriň emläkleri üçin gizlin ýeriň ýokdugyny aç-açan görkezmeli. Şeýle-de bu ýerde rus režimine egin direýän jenaýatçylaryň emlägi üçin buky ýer ýok” diýip, ABŞ-nyň baş prokurory Merrik Garland 5-nji maýda eden çykyşynda aýtdy.
Kerimow imperiýasy esasan Russiýanyň tebigy baýlyklaryna esaslanýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.