Ýedilik toparyndaky (G7) ýurtlaryň liderleri 8-nji maýda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen gepleşik geçirerler diýip, Ak tam aýdýar.
6-njy maýda Ak tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary wirtual duşuşygyň rus güýçleriniň esassyz çozuşyna garşy Ukrainanyň alyp barýan göreşiniň töweregindäki soňky wakalara gönükdiriljekdigini aýtdy.
Dünýäniň öňdebaryjy ykdysady güýçleriniň liderleri “[rus prezidenti Wladimir] Putiniň urşuna kollektiwleýin gaýtawul bermekde G7-niň dowamly jebisligini...” görkezmegiň hem-de Kiýewe ýardam bermegiň ugurlaryna serederler.
G7-niň düzümine Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Kanada we Italiýa girýär.
Bu topar ozal G8 diýlip bilinýärdi, ýöne Russiýa 2014-nji ýylda Ukraina çozansoň, ol topardan çykaryldy.
Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina çozmagynyň yzysüre, Waşington we onuň köp sanly ýaranlary Kiýewi miliardlarça dollar möçberinde ykdysady we harby ýardamlar bilen üpjün etdi hem-de Moskwa garşy yzly-yzyna maliýe sanksiýalaryny güýje girizdi.
Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşigi 4-nji maýda ýylyň ahyryna çenli rus nebitiniň importyny gadagan etmek baradaky teklibi yglan etdi. Ýöne bu meýilnama bileleşige girýän käbir ýurtlar tarapyndan, hususan-da Wengriýa, Slowakiýa we Çehiýa Respublikasy tarapyndan, onuň ýerli ykdysadyýetlere ýetirmegi ahmal oňaýsyz täsirleri zerarly, garşylyga duçar bolýar.