Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň Donbas hüjümlerine garşy hüjümlerde öňe gidişlik gazanylandygyny aýdýar


Raketa zarbasy bilen urlan ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde duran bir aýal. 7-nji maý. Bahmut şäheri. Ukrainanyň Donetsk sebiti.
Raketa zarbasy bilen urlan ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde duran bir aýal. 7-nji maý. Bahmut şäheri. Ukrainanyň Donetsk sebiti.

Russiýanyň gündogar Donbas sebitinde dowam etdirýän hüjümleriniň arasynda ukrain güýçleriniň, öz territorial çäklerini biraz giňeldip, Harkow we Herson şäherleriniň golaýyndaky rus pozisiýalarynda öňe gidişlik gazanandygy habar berilýär.

7-nji maýda prezident Wolodymyr Zelenskiniň geňeşçisi Oleksiý Arestowyç tarapyndan öňe sürlen bu habar, nasist Germaniýanyň ýeňilmeginiň ýyl dönüminde, Russiýanyň Ýeňiş gününi dabaraly bellemeginden iki gün öň aýdyldy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 73-nji gün bäri dowam edýän urşuň ugruny üýtgetmek tagallalarynyň çäginde umumy mobilizasiýa yglan edermi ýa-da başga käbir strategiki üýtgeşikligi mälim edermi diýen soraglara jogap tapmak üçin, onuň 9-njy maý çykyşyna ýakyndan esewan ediler.

24-nji fewralda girişilen hüjümiň irki hepdelerinde rus güýçleriniň Kiýewi we beýleki ukrain şäherlerini ele geçirmek synanyşyklarynyň öňi baglandy, rus goşunlary we harby tehnikalary agyr ýitgi çekdi.

Soňra komandirler Kiýewiň golaýyndaky sebitlerden harby bölümlerini yza çekdi we olary Donbasa ýerleşdirdi.

Russiýanyň iň soňky resmi sanlaryna görä, onuň harby ýitgileriniň sany 1351.

Ýöne, günbatar resmileri rus harby ýitgileriniň sanynyň azyndan 15 müň adamdygyny, ukraina resmileri bolsa bu sanyň 20 müňden aşýandygyny aýdýarlar.

Geçen aý Zelenski 2500-3000 aralygynda ukrain esgeriniň öldürilendigini aýtdy, ýöne bu sanyň azaldylyp ýazylandygyna ynanylýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 6-njy maýda öz güýçleriniň Donbasda öňe gidişligi dowam etdirýändigini, Kramatorskda ok-däri ammaryny ýok edendigini we iki ukrain söweş uçaryny urup ýykandygyny aýtdy.

Arestowyç Telegram kanalynda paýlaşan wideo ýüzlenmesi bilen Ukrainanyň ilerleýändigini öňe sürdi.

Bu aralykda, Ukrainanyň Baş ştaby özüniň gündelik maglumatynda rus hereketiniň geçen gije degişlilikde asuda bolandygyny, onuň harby gözleg we artilleriýa ot açyşlygy bilen çäklenendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG