Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri žurnalisti özüne pyçakly hüjüm edilendigini aýdýar


Aýtan Mammadowa

Tanymal azeri žurnalisti bir erkegiň özüne pyçakly hüjüm edip, ýokary derejeli ganhorlyk baradaky kazyýet işi barada habar taýýarlany üçin haýbat atandygyny we gorkuzandygyny aýdýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň ştatdan daşary habarçysy bolup işleýän Aýtan Mammadowa 9-njy maýda Baku şäher polisiýasyna öten agşam bolup geçen hüjüm barada şikaýat edendigini aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti Jeými Flaý beýanat çap edip, bu hüjümi ýazgardy.

"Men özümiziň ştatdan daşary habarçymyzyň möhüm bir wakanyň yzyny çalmagynyň görnetin öňüni almaga gönükdirilen kabul ederliksiz gorkuzulmasyny berk ýazgarýaryn” diýip, Flaý aýtdy.

“Biz Azerbaýjanyň häkimiýetlerini bu hüjümi derňemäge hem-de žurnalistleri azar berilmekden goramaga çagyrýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Mammadowa 2019-njy ýylda bir gyzy öldürmekde güman edilýän adamyň kazyýet işi hakynda ýazýar. Güman edilýän adam polisiýanyň özüni gynap, adam öldürendigini boýun almaga mejbur edendigini öňe sürýär.

Mammadowa özüne ýasaýan köp gatly jaýynyň liftinde, liftiň gapysy ýapylandan soň hüjüm edilendigini aýdýar.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy 2021-nji ýyldaky Bütindünýä metbugat azatlygy indeksinde Azerbaýjany 180 ýurduň arasynda 154-nji orunda ýerleşdirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG