Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň gaçgak oglunyň ýarany Bişkekde tussag edildi


Milli howpsuzlyk komitetiniň binasy

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň oglunyň ýakyn ýoldaşy Bişkekde tussag edildi, ol korrupsiýada aýyplanýar.

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti 10-njy maýda Alekseý Şirşowyň demirgazyk Yssykköl sebitinde tussag edilendigini, onuň döwlet eýeçiligindäki onlarça kwartirany we jaýy bikanun hususylaşdyrmakda güman edilýändigini aýtdy.

Howpsuzlyk komitetiniň maglumatyna görä, 56 kwartiranyň we 27 kottežiň bikanun hususylaşdyrylmagyna merkezi aziýa ýurdynyň sebit kazylarynyň, Ýokary kazyýetiň kazylarynyň, şeýle-de prezident edarasynyň, Döwlet emläk gaznasynyň we Döwlet bellige alyş gullugynyň işgärleriniň hem gatnaşan bolmagy mümkin.

Şirşowyň deslapky tussaglyk şertleri baradaky karary kazyýet ýakyn günlerde kabul eder.

Harby önümleri öndürýän “Dastan” kompaniýasyna ýolbaşçylyk eden telekeçi Şirşow öňki prezidentiň gaçgak ogly Maksim Bakiýewiň maliýe geňeşçisi hökmünde tanalýar.

Şirşow 2010-njy ýylda, 100-e golaý adamyň ölümine getiren halk protestleri Bakiýewiň häkimiýetden çetleşdirilmegine alyp gelenden soň, Gyrgyzystandan gaçyp çykdy we onuň haçan we näme üçin yzyna gelendigi belli däl.

Kurmanbek Bakiýew we onuň garyndaşlary, şol sanda Maksim Bakiýew, halk protestlerinden soň ýurtdan gaçdy.

Kurmanbek Bakiýew we onuň ogly Maksim, birnäçe aýyplama bilen, gaýybana ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi we Bişkek tarapyndan gözlenýär.

XS
SM
MD
LG