“Al-Jazeera” habar telewideniýesiniň žurnalisti 11-nji maý güni irden, Ysraýylyň basylyp alnan Günbatar kenara, Iordan derýasynyň günbataryndaky Jenin şäherine geçirýän reýdi barada habar taýýarlaýan wagtynda atylyp öldürildi diýip, Palestinanyň Saglyk ministrligi aýtdy.
Stansiýanyň arap dilindäki kanalynyň tanymal habarçysy, palestinaly Şirin Abu Akleh tüpeňleninden gysga wagt soň aradan çykdy.
Iýerusalimde ýerleşýän “Al-Kuds” gazetinde işleýän başga bir palestin žurnalisti hem ýaralandy, ýöne onuň ýagdaýy kadaly diýip, habarda aýdylýar.
Düýbi Katarda ýerleşýän neşir Ysraýyly günäkärledi.
Ysraýyl harbylary öz güýçleriniň Jenin şäherinde hereket edýän wagtynda agyr atyşyk we partlaýjy maddalar bilen garşy alnandygyny, şu sebäpden olaryň gaýtargy bermeli bolandyklaryny aýtdy.
Harbylar “bu wakany derňeýändiklerini we žurnalistleriň palestinaly ýaragly adamlar tarapyndan tüpeňlenen bolmak ähtimallygyna hem seredýändiklerini” aýtdylar.
Ysraýylyň daşary işler ministri Ýair Lapid žurnalistiň ölüminiň gynançly bolandygyny we palestin häkimligine žurnalistiň ölümi bilen baglanyşykly bilelikde patologiki derňew geçirmegi teklip edendigini aýtdy.
"Žurnalistler konflikt zonalarynda goralmaly we hakykata eýe bolmak biziň hemmämiziň jogapkärçiligimiz bagly" diýip, ol twitterde ýazdy.