Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serdar Berdimuhamedow kakasynyň ýerine MOK prezidenti saýlandy


Serdar Berdimuhamedow

10-njy maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň prezidentligine saýlandy diýip, TDH habar berdi.

Bu wezipäni ozal onuň prezidentlikden çekilen kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow ýerine ýetirýärdi.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti 1990-njy ýylda döredildi we 1993-nji ýylda Halkara Olimpiýa komitetinde hasaba alyndy.

Serdar Berdimuhamedowa mundan ozal Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi diýen at berlipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG