Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, parlamentara derejede göni gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär; munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar diýip, resmi habarda bellenýär.
Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyzystanyň Ýokarky Geňeşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýa Federasiýasynyň federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Täjigistanyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Özbegistanyň Oli Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa dagy foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy boldy.
Resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Maslahatlar merkezinde forumyň dabaraly açylyşy boldy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda iki ylalaşyga gol çekildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.
Şeýle-de, G. Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustami Emomali Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.