Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbek halas edijileri sil alan iki adamyň jesedini tapdylar


Iki jeset we ulag Tupalang derýasyndan tapyldy.

Özbegistanly halas edijiler ikinji gün Surhandaryýa welaýatynyň Saryasi etrabynda sil läbiginiň aşagynda galan iki adamyň jesedini tapdylar diýip, Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat gullugy 11-nji maýda habar berdi.

Ministrligiň habaryna görä, agşam sagat 4 töweregi “Zohona” obasynda iki sany adam ulagly gysga wagt ýagan güýçli ýagyşdan soň dörän suw joşmasy netijesinde gelen siliň aşagyna düşdi.

Sil suwy goýun bakyp ýören çopanyň hem üstünden geldi, ýöne çopan gaçyp gutulmagy başardy diýip, habarda aýdylýar.

Iki jeset we ulag Tupalang derýasyndan tapyldy. Jesetler biri-birinden takmynan 5 km uzaklykda ýatan eken.

Sebitde tebigy betbagtçylygyň netijelerini düzetmek çäreleri geçirilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG