Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BAE-niň uzak wagtlyk de facto ýolbaşçysy Şeýh Muhammed ýurduň prezidenti saýlandy


Dubaý, BAE

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) lideri Şeýh Halifanyň aradan çykmagynyň yzýany, Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahýan ýurduň prezidenti hökmünde saýlandy.

61 ýaşly Şeýh Muhammedi bu wezipä 14-nji maýda ýurduň Ýokary federal geňeşi saýlady. Munuň bilen, Şeýh Muhammed 1971-nji ýylda kakasynyň düýbüni tutan Pars aýlygyndaky nebite baý bu döwletiň başyna geçdi.

Ýokary federal geňeşiň düzümine BAE-niň ýedi emirliginiň dolandyryjylary girýär.

Halifa 13-nji maýda 73 ýaşynda ýogaldy. Ol 2014-nji ýylda ýürek näsazlygyny başdan geçireninden bäri, köpçülikde kän görünmeýärdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG