Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Pygamberdi Allaberdiýewiň tussag edilmegi halkara hukugynyň bozulmagy boldy


Pygamberdi Allaberdiýew
Pygamberdi Allaberdiýew

Türkmenistanyň hökümeti ýurist Pygamberdi Allaberdiýewi tussag edip, adam hukuklary boýunça halkara kanunyny bozdy diýip, BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi topary höküm çykardy. Bu barada 13-nji maýda “Freedom Now” guramasy mälim etdi.

“Biz Pygamberdi Allaberdiýewiň ýalňyşlyk bilen tussag edilendigi baradaky Işçi Toparynyň netijesini gowy garşylaýarys” diýip, düýbi ABŞ-da ýerleşýän hukuk toparynyň ýuridiki offiseri Adam Lhedmat beýanatda belledi. “Allaberdiýewiň türmä höküm edilmegi Türkmenistanyň dissidentlere bolan çydamsyzlygyny, şeýle-de onuň öz raýatlaryny sem etmek üçin toslama aýyplamalary ýöňkemek boýunça strategiýasyny äşgär etdi. Biz Türkmen hökümetini BMG-niň kararyna hormat goýup, dessine we öňünden hiç hili şert goýmazdan, Allaberdiýewi azat etmäge çagyrýarys”.

Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň "Nebitdagnebit" edarasynyň ýuristi Pygamberdi Allaberdiýew, Türkmenistanyň ýörite gulluklary tarapyndan daşary ýurtlardaky protest hereketine gatnaşyjylar bilen aragatnaşyk saklamakda güman edilip, 2020-nji ýylyň 5-nji sentýabrda huligançylykda aýyplanyp, Balkanabatda tussag edilipdi.

Adam hukuklaryny goraýjylar ozal Allaberdiýew maşgalasynyň aklawçy tapmakda kynçylyk çekýändigini habar berdiler, sebäbi ýerli aklawçylar bu işe gatnaşmakdan ýüz öwürdiler we oňa “syýasat bilen baglydygyny” düşündirdiler.

Adam hukuklaryny berk depelemekde tankytlatýan türkmen hökümeti ýurtda tankydy we özge pikirlileri basyp ýatyrmakda tanalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG