Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Azowstalda” 600 töweregi ýaraly esger bar, 40-synyň ýagdaýy agyr


"Azowstalda" ýaralanan esgerleri biri
"Azowstalda" ýaralanan esgerleri biri

Mariupolda rus goşunlary tarapyndan daşy gabalan “Azowstal" zawodynyň çäginde 600-e golaý ýaraly esger bar diýip, Ukrainanyň Milli gwardiýasynyň 12-nji operasiýa brigadasynyň serkerdesi Denis Şlega milli telemarafonyň efirinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýaralanan ýüzlerçe esgeriň 40 çemesiniň ýagdaýy agyr. Şlega dermanlaryň we lukmançylyk gurallarynyň “örän ýetmezçilik edýändigini” belläp, ýagdaýy çylşyrymly diýip atlandyrdy.

Bu maglumaty 15-nji maýda geçirilen onlaýn-maslahatda “Azowstaldaky” goranyjylaryň aýallary - Ýekaterina Prokopenko, Ýuliýa Fedosýuk, Anna Naumenko we Darýa Tsikunowa dagy hem tassyk etdi.

Aýallarynyň sözlerine görä, olaryň ärleri günde bir stakan tehniki suw içýärler we azyk önümleri gaty az. Maslahata gatnaşyjylaryň aýtmaklaryna görä, zawodda dermanlaryň ýetmezçiligi sebäpli agyr ýaralanan söweşijileriň köpüsi ölýär we agyry aýyrýan dermanlaryň bolmazlygynda beden bölekleriniň kesilip aýrylan halatlary hem boldy.

Olar öz ýakynlaryny halas etmek üçin ýene çagyryş etdiler. Aýallar prezident Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşmak we ärlerine kömek bermegini soramak üçin Türkiýä gitmekçi bolýarlar.

XS
SM
MD
LG