Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly dzýudoçy Aziýa çempionatynda altyn medala mynasyp boldy


 “Türkmensport” neşiriniň suraty
“Türkmensport” neşiriniň suraty

Türkmenistanly türgen Maýsa Pardaýewa 15-nji maýda Almatyda, Gazagystanda geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medala mynasyp boldy diýip, “Türkmensport” neşiri habar berýär.

Ýaşlaryň we kadetleriň arasynda geçirilen ýaryşda 2005-2006-njy hem-de 2002-2004-nji ýyllarda doglan dzýudoçylar bäsleşdi, Türkmenistandan oňa dzýudoçylaryň 13-si gatnaşdy.

Maýsa Pardaýewa ýaryşda 57 kilogram agramda çykyş etdi.

Bäsleşige Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, şeýle-de ABŞ-dan jemi 270 türgen gatnaşdy diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG