Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagly-Badahşan sebitinde guralan protest ýörişi dargadylanda bir adam öldi


Täjik protestçileri

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi 17-nji maýda merkezi aziýa döwletiniň durnuksyz Dagly-Badahşan awtonom sebitinde, bir gün ozal howpsuzlyk güýçleri sebitiň syýasy ýolbaşçylarynyň işden çekilmegine çagyrýan protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin ok ulananda, bir adamyň ölendigini habar berdi.

Dagly-Badahşan awtonom sebitiniň ýolbaşçylary sebit lideri Alişer Mirzonabotyň, sebit paýtagty Horogyň häkiminiň we beýleki ýolbaşçylaryň işden çekilmegi baradaky talaba seretmekden ýüz öwreninden soň, ýaşlaryň uly topary sebit merkezinde guralan ýörişe başlady diýip, AÝ/AR-nyň täjik gullugy, Ozodi radiosy 16-njy maýda habar berdi.

Içeri işler ministrliginiň beýannamasynda protest liderleriniň biriniň, 1993-nji ýylda doglan Zamir Nazrişowyň howpsuzlyk güýçleri sebit dolandyryşynyň binalaryna tarap barýan protestçileriň “ýaragly hüjümine” gaýtawul berende “ýaralanyp, hassahanada” ölendigi aýdylýar.

Ozodi radiosynyň birnäçe çeşmäniň sözüne salgylanyp beren habaryna görä, Nazrişow düýpden başga hili şertlerde öldi. Protestçiniň ölüminiň jikme-jiklikleri bada-bat elýeterli bolmady.

Ozodi radiosyna iberilen wideoýazgyda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň proteste gatnaşyjylara garşy rezin ok we göz ýaşardyjy gaz ulanyşy görünýär.

Horogdaky iki çeşme Ozodi radiosyna üç adamyň ýaralanandygyny we keselhana ýerleşdirilendigini tassyklady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG