Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa “Azowstalda” 1000-e golaý ukrainalynyň tabyn bolandygyny aýdýar, diplomat kowmak dowam edýär


Russiýa Ukrainanyň gabaw astyndaky günorta port şäherinde, Mariupoldaky soňky berkitmä öwrülen “Azowstal” polat zawodynda galan 1000-e golaý ukrain söweşijisiniň tabyn bolandygyny öňe sürdi.

Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary, general-maýor Igor Konaşenkow 18-nji maýda soňky 24 sagadyň dowamynda “Azowstaldaky” 694 ukrain söweşijisiniň, şol sanda 29 ýaraly esgeriň tabyn bolandygyny aýtdy.

Konaşenkow ondan öňki 24 sagadyň dowamynda 265 ukrain esgeriniň, şol sanda 51 ýaralynyň ýaraglaryny taşlap, tabyn bolandygyny aýtdy.

Bu şu hepde zawody terk eden ukrain esgerleriniň umumy sanyny 959-a ýetirýär. Habar berilmegine görä, olaryň ählisi gündogar Ukrainanyň Russiýanyň goldawyndaky separatistler tarapyndan dolandyrylýan ýerlerine alnyp gidildi.

Ukrain häkimiýetleri bu sanlary tassyklamady.

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malyar 17-nji maýda, “Azowstaldan” ruslaryň gözegçiligindäki ýere alnyp gidilen söweşijileri boşatmak baradaky gepleşikler bilen bir hatarda, polat zawodynyň içinde oturan adamlary ewakuasiýa etmek tagallalarynyň hem dowam etdirilýändigini aýtdy.

Ol Kiýewiň, ählisi howpsuz ýagdaýda bolýança, zawodyň çäginde jemi näçe söweşijiniň bardygyny mälim etmejekdigini hem sözüne goşdy.

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başlan urşundan bäri geçen wagt içinde Mariupol iň agyr söweşleriň biriniň barýan ýerine öwrüldi.

Kiýew tabyn bolan ukrain söweşijilerini ýesir alnan rus esgerlerine çalyşmaga umyt baglaýandygyny aýtdy. Russiýa bu esgerleriň tussag çalyşmagyň bir bölegi bolup biljekdigini ýa-da däldigini indi tassyklamaly. Moskwanyň käbir kanun çykaryjylary bu hili mümkinçiligiň garşysyna eýýämden berk çykyş edýär.

“Azowstaldan” ewakuasiýa edilen ukrain söweşijileriniň ykbaly baradaky aladalar Russiýanyň Döwlet dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodiniň olary "jogapkärçilige çekilmeli" jenaýatçylar diýip atlandyrmagyndan soň has ýokary galdy.

Wolodin, “Interfaks” habar gullugynyň maglumatyna görä, “Azowstal” söweşijileriniň geljekde ol ýa-da beýleki görnüşde edilmegi mümkin alyş-çalyşlara girizilmeli däldigini aýtdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, “Azowstalyň” aşagyndaky ötüklerde we bukularda 2000-e golaý ukrain söweşijisi bolup, olar soňuna çenli söweşmegi wada berdiler.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski häzir “Azowstaldan” ewakuasiýa edilen esgerleri boşatmak baradaky gepleşiklere “iň täsirli halkara araçylarynyň gatnaşýandygyny” aýtdy. Ýöne ol bu gepleşikler barada jikme-jik maglumat bermedi.

Resmiler 16-njy maýda 264 ukrain söweşijisiniň, şol sanda agyr ýaralananlaryň bir toparynyň zawoddan çykarylyp, Russiýanyň gözegçiligindäki territoriýa äkidilendigini aýtdylar, ýöne “Azowstalyň” içinde näçeräk adamyň galandygyny aýtmadylar.

Şu aralykda Russiýa, Russiýanyň Ukrainadaky kampaniýasy boýunça Ýewropanyň görýän utgaşdyrylan çärelerine jogap hökmünde, fransuz we italýan diplomatlarynyň onlarçasyny ýurtdan çykarýandygyny yglan etdi.

Daşary işler ministrligi 18-nji maýda Moskwadaky fransuz ilçisine fransuzlaryň "Russiýadaky diplomatik guramalarynyň" 34 işgäriniň islenilmeýän şahslar diýlip yglan edilendigini we iki hepdäniň içinde ýurtdan çykmalydygyny habar berendigini aýtdy.

Şeýle-de ministrlik 24 sany italýan diplomatynyň hut şuňa meňzeş sebäpler esasynda ýurtdan kowulýandygyny aýtdy.

Italiýanyň premýer-ministri Mario Draghi bu karary "duşmançylykly hereket" diýip atlandyrdy we "diplomatik kanallaryň kesilmegine düýbünden ýol bermeli däl, sebäbi biz eger-de şol kanallar arkaly üstünlik gazansak, parahatçylyk hem gazanylar we, elbetde, biziň isleýän zadymyz hem şol" diýdi.

Şol bir wagtyň özünde-de Rim Moskwa 30 sany rus diplomatyny, "milli howpsuzlyk sebäpli", ýurtdan çykarýandygyny aýtdy.

Aprel aýynda Russiýanyň 35 diplomatyny kowan Fransiýa hem 18-nji maýda Moskwanyň bu hereketini ýazgaryp çykyş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG