Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AP: Uýgurlaryň ýaşaýan sebiti dünýäde iň kän tussagly ýer


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Hytaýyň Sinjiaň sebitiniň Köneşäher etrabynda tasdan her 25 ýaşaýjynyň biri terrorçylyk ýa-da ekstremizm bilen baglanyşykly aýyplamalarda aýyplanyp, tussaglyga höküm edildi diýip, AP habar gullugy ýerli häkimiýetleriň syzdyran maglumatlaryna salgylanyp ýazýar.

Bu maglumatlara seredilse, bu etrapdaky tussaglyk derejesi dünýäde iň ýokary dereje bolýar diýip, AP belleýär.

AP tarapyndan alnan we bölekleýin tassyklanan sanawda Sinjiaňyň günortasyndaky bir etrapda tussag edilen 10,000-den gowrak uýguryň ady bar.

Sanawdaky maglumatlara görä, 267,000 ilaty bolan oba ýerleriniň ýaşaýjylaryna berlen tussaglyk möhletleri iki ýyldan başlanyp, 25 ýyla çenli we olaryň ortaça tussaglyk möhletleri dokuz ýyl bolýar.

Bosgunlykda ýaşaýan etniki uýgurlaryň wekilleriniň sözlerine görä, sanawdaky tussaglaryň köpüsiniň 2017-nji ýylda tussag edilendigine garamazdan, berilýän tussaglyk möhletleriniň uzak bolmagy olaryň aglabasynyň şindem türmede saklanmagyna mümkinçilik berýär.

Tussag edilenleriň arasynda ilatyň dürli gatlaklarynyň wekilleri, şol sanda ýaşlar we garrylar hem bar diýip, AP belleýär. Ýöne olaryň ählisiniň bir umumylygy bar, tussaglaryň hemmesi uýgur diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG