Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda BAE-niň ýogalan prezidentiniň hatyrasyna sadaka berildi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmen metbugaty bäşinji gün Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň hatyrasayna sadaka berlendigini habar berýär.

"Watan” habarlarynda aýdylmagyna görä, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, Änew metjidinde, Gökdepe metjidinde berlen sadakalara gatnaşdy.

Şeýle-de, Köşidäki metjitde we Aşgabatda BAE-niň ozalky prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň adyny göterýän Döwletliler köşgünde sadaka berildi diýip, "Türkmenportal“ neşiri habar berýär.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, BAE-niň 73 ýaşyndaky prezidenti 13 maýda ýogaldy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti Abu-Dabi şäherine gulluk baryp, merhumyň hatyra çärelerine gatnaşdy.

G.Berdimuhamedow BAE-niň täze saýlanan prezidenti Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşanda merhumyň haýyr-sahawat işlerini ýatlap, onuň Aşgabat şäherindäki metjidiň, «Döwletliler köşgüniň», «Ene mähri» merkeziniň, Halkara iç keselleri merkeziniň gurulmagynda, «Arçman» şypahanasynyň döwrebaplaşdyrylmagynda, Marydaky Çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda, «Döwletliler köşgüne» haýyr-sahawat goldawlarynyň berilmeginde aýratyn uly tagallasynyň bardygyny nygtady.

Şonda türkmen mediasy merhumyň belli gününiň Türkmenistanda hem bellenjekdigini habar beripdi.

"Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatyna görä, býujet edaralarynyň işgärleri bu çärelere gatnaşmaga borçly edildi we, şunuň bilen baglylykda, paýtagtyň mekdeplerinde sapaklar ýatyrylyp, mugallymlar sadaka iberildi.

XS
SM
MD
LG