Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa Luhansk sebitine "Terminator' tanklaryny ýollaýar


Russiýa gündogar Luhansk sebitindäki hüjümini güýçlendirdi, ukrain goşuny 23-nji maýda Sewerodonetsk şäheriniň, gabamak tagallasynyň çäginde, rus goşunlary tarapyndan "gije-gündiz" birkemsiz bombalanandygyny aýtdy.

Britaniýanyň Ukrainadaky söweş hereketleri barada çap edýän gündelik aňtaw maglumatlaryna görä, Russiýa Luhansk sebitindäki Sewerodonetskä hüjüm etmek üçin, bu sebite “Terminator” tanklaryny iberene meňzeýär.

Ukrainanyň gündogarynda barýan agyr söweşler Russiýanyň öz goşunyna hem agyr zarba urdy diýip, britan aňtaw gullugy aýtdy.

Aňtaw gullugynyň hasaplamalaryna görä, Russiýa Ukrainadaky urşuň ilkinji üç aýynda Sowet Soýuzynyň Owganystandaky dokuz ýyllyk uruşda ýitiren esgerlerine barabar mukdarda harby gullukçysyny ýitirdi.

Rus goşunlarynyň howa zarbalary arkaly infrastrukturany weýran etmek bilen, hüjümlerini güýçlendirip, gaýta-gaýta böwsüp geçmek synanyşyklaryna garamazdan, ukrain goragçylary soňky 24 sagadyň dowamynda duşmanyň 11 hüjümini yzyna serpikdirdi diýip, ýurduň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 23-nji maý güni irden beren habarynda aýdylýar.

Sewerodonetsk sebitiniň häkimi Serhiý Haýdaý, gabawa almak synanyşygynyň çäginde, rus güýçleriniň şäheri "bilkastlaýyn weýran edendigini" aýtdy.

Russiýalylar şähere tarap çäkli ýagdaýda öňe süýşendiklerini aýtdylar, olaryň bu ýerde täze gabaw gurmak niýetinden ugur alýandygy çaklanýar.

Ukrain goşunynyň Facebook sahypasynda berlen maglumata görä, 22-nji maýda Donetsk sebitinde parahat ilatdan azyndan ýedi adam ölüp, sekiz adam ýaralandy.

Ruslar demirgazykda, Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkowy, günortadaky Mikolaiw we Zaporižiýa şäherlerini hem dyngysyz topa, raketa tutmaklaryny dowam etdirdiler diýip, ukrain resmileri aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG