Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranda Yslamçy gorag korpusynyň polkownigi öldürildi


Wakanyň bolan ýerinde düşürilen surat

22-nji maýda Tähranda Eýranyň yslamçy rewolýusiýa gorag korpusynyň saýlama bölüminiň polkownigi öz öýüniň gapdalynda atylyp öldürildi.

Ýöriteleşdirilen "Al-Kuds" güýçleriniň serkerdeleriniň biri bolan Saýýad Hodaýi, Azatlyk radiosynyň Eýran gullugynyň resmi habara salgylanyp beren maglumatyna görä, iki sany motosiklli hüjümçi tarapyndan atylyp öldürildi.

Kast ediş hüjümi şäheriň gündogarynda bolup geçdi, Hodaýiniň bäş gezek tüpeňlenendigi habar berildi.

Bolan wakanyň jogapkärçiligini öz üstüne alan tapylmady. Goragçylar korpusy bu wakany "terrorçylyk hereketi" diýip atlandyrdy we bu ganhorlykda "global ulumsylyk bilen baglanyşykly adamlary" günäkärledi.

Resmi habarlarda bu kesgitleme adatça ABŞ we onuň ýaranlary babatynda ulanylýar.

Rewolýusiýa goragçylary gullugyna ýakyn bir žurnalistiň aýtmagyna görä, kast ediş hüjüminiň arkasynda Ysraýylyň duran bolmagy mümkin.

"Roýters" habar gullugy Ysraýylyň premýer-ministrliginiň Mossadyň aňtaw gullugynyň işine gözegçilik edýän bölüminiň bu waka barada düşündiriş bermekden saklandygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG