Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa hüjümini güýçlendirýär, rus ýitgileri Owganystandaky sowet ýitgilerini ýatladýar


Russiýa gündogar Luhansk sebitindäki hüjümini güýçlendirdi, ukrain goşuny 23-nji maýda Sewerodonetsk şäheriniň, şäheriň daşyny gabamak tagallasynyň çäginde, rus goşunlary tarapyndan "gije-gündiz" dyngysyz bombalanandygyny aýtdy, şu aralykda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň Ukrainanyň milli kimligini "ýok etmek" isleýändigini duýdurdy.

Britaniýanyň Ukrainadaky söweş hereketleri barada çap edýän gündelik aňtaw maglumatlaryna görä, Russiýa Luhansk sebitindäki Sewerodonetskä hüjüm etmek üçin, bu sebite “Terminator” tanklaryny iberene meňzeýär. Ukrainanyň gündogarynda barýan agyr söweşler Russiýanyň öz goşunyna hem agyr zarba urdy diýip, britan aňtaw gullugy aýtdy.

Aňtaw gullugynyň hasaplamalaryna görä, Russiýa Ukrainadaky urşuň ilkinji üç aýynda Sowet Soýuzynyň Owganystandaky dokuz ýyllyk uruşda ýitiren esgerlerine barabar mukdarda harby gullukçysyny ýitirdi.

23-nji maýda Tokioda, Aziýa sapary wagtynda guralan metbugat ýygnagynda Baýden Russiýanyň mekdepler, teatrlar, hassahanalar we muzeýler ýaly raýat desgalaryny bombalamagynyň Putiniň 24-nji fewralda başlan çozuşynyň arkasynda ýatan hakyky niýetini görkezýändigini aýtdy.

"Men Putiniň etjek bolýan zadynyň Ukrainanyň kimligini ýok etmekden ybaratdygyna ynanýaryn" diýip, Baýden aýtdy.

"Ol [Ukrainany] basyp alyp bilmeýär, ýöne ol onuň kimligini ýok etmäge synanyşyp biler" diýip, amerikan prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

Rus goşunlary Sewerodonetskä zabt etmäge synanyşdylar, ýöne şowsuzlyga uçrapdylar diýip, prezident Wolodymyr Zelenskiniň edarasy aýtdy.

Howa zarbalary arkaly infrastrukturany weýran etmek bilen, hüjümlerini güýçlendirip, gaýta-gaýta böwsüp geçmek synanyşyklaryna garamazdan, ukrain goragçylary soňky 24 sagadyň dowamynda ruslaryň 11 hüjümini yzyna serpikdirdi diýip, ýurduň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 23-nji maý güni irden beren habarynda aýdylýar.

Sewerodonetsk sebitiniň häkimi Serhiý Haýdaý, gabawa almak synanyşygynyň çäginde, rus güýçleriniň şäheri "bilkastlaýyn weýran edendigini" aýtdy.

Russiýalylar 100 müň çemesi ilatly Seweredonetsk şäherine tarap çäkli ýagdaýda öňe süýşendiklerini aýtdylar, olaryň bu ýerde täze gabaw gurmak niýetinden ugur alýandygy çaklanýar.

Ukrain goşunynyň Facebook sahypasynda berlen maglumata görä, 22-nji maýda Donetsk sebitinde parahat ilatdan azyndan ýedi adam ölüp, sekiz adam ýaralandy.

Ruslar demirgazykda, Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkowy, günortadaky Mikolaiw we Zaporižiýa şäherlerini hem dyngysyz topa, raketa tutmaklaryny dowam etdirdiler diýip, ukrain resmileri aýtdy.

Haýdaý Russiýanyň giň sebitden getirilen güýçleri - Harkow sebitinden yza çekilenleri, Mariupolyň gabawyna gatnaşan güýçleri, Moskwany goldaýan separatist söweşijilerini, hatda Sibirden getirilen täze güýçleri hem bir ýere jemländigini we Donetsk we Luhansk sebitlerin edýän hüjümlerini güýçlendirýändigini aýtdy.

Britan harbylarynyň 23-nji maýdaky gündelik maglumatyna görä, pes derejeli taktika, howa goragynyň ýeterlik bolmazlygy, çeýeligiň pes bolmagy ýaly faktorlar netijesinde, Russiýanyň çekýän ýitgileriniň "Donbas hüjüminde has ýokarlanmagy” hem mümkin.

Ukrain resmileri uruş başlanaly bäri ýaragly güýçleriň hataryndaky pidalaryň sany barada az zat aýtdylar, ýöne prezident Wolodymyr Zelenski 22-nji maýda geçirilen metbugat ýygnagynda gündogarda her gün 50-100 aralygyndaky ukrain söweşijisiniň öldürilýändigini aýtdy.

BMG-niň 23-nji maýdaky maglumatyna görä, Russiýanyň Ukrainada başlan urşy dünýädäki bosgunlaryň, zor bilen ýaşaýan ýerinden göçürilen adamlaryň sanynyň ilkinji gezek 100 milliondan geçmegine alyp geldi.

XS
SM
MD
LG