Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Ýurdundan utanan' rus diplomaty urşa protest bildirip, işinden çekildi


Boris Bondarew 
Boris Bondarew 

BMG-niň Ženewadaky hemişelik wekilhanasynyň bir rus diplomaty öz ýurdunyň Ukraina garşy alyp barýan "gerekmejek" urşuna protest bildirip, işinden çekilendigini aýdýar.

Boris Bondarew 23-nji maýda LinkedIn sahypasynda ýerleşdirilen beýanatynda Russiýa 24-nji fewralda goňşusyna goşun sürmezinden öň “hiç haçan öz ýurdundan utanmandygyny" aýtdy.

"[Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putiniň Ukraina garşy we hakykatda tutuş Günbatar dünýäsine garşy başlan agressiw urşy diňe bir ukrain halkyna garşy däl, belki-de, Russiýanyň halkyna gaşy hem iň agyr jenaýatdyr" diýip, LinkedInde özüni ýaraglara gözegçilik geňeşçisi hökmünde görkezen Bondarew ýazdy.

Russiýanyň BMG-däki hemişelik missiýasy bu beýanat bilen baglylykda hiç bir düşündiriş bermedi.

Bondarew öz eden beýanatynda aýdylan zatlary “Roýters” we AP habar gulluklary bilen gürleşende hem tassyklady. Ol “Roýters” habar gullugyna şeýle göçüm etmegi birnäçe ýyl mundan ozal hyýalyna getirip başlandygyny aýtdy, ýöne häzirki “betbagtçylygyň geriminiň” özüni şeýle karara gelmäge mejbur edendigini” aýtdy.

Şeýle-de ol bu uruş baradaky aladalaryny ilçihananyň ýokary derejeli resmileri bilen paýlaşandygyny we olardan diňe “agzyňy ýum” diýen maslahaty eşidendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG