Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa Özbegistandan gelýän işçileriň sanyna girizen çäklendirmelerini ýatyrmakçy bolýar


Russiýanyň Zähmet ministrligi Özbegistandan gelen migrantlaryň sanyna girizilen çäklendirmeleri aýyrmagy teklip edýär diýip, Moskwada çykýan "Kommersant" gazeti 25-nji maýda habar berdi.

Özbegistan bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, Russiýada özbeklere ýylda 10 müňe çenli kepillendirilen iş kwotasy berilýär. Olar esasan gurluşykda we oba hojalygyndaky işlerde işletmek üçin gerek.

Russiýanyň Zähmet ministrligi özbek işşi güýjüni çekmäge girizilen çäklendirmeleri ýatyrmakdan başga, olaryň işläp biljek ugurlaryny giňeltmek meýilnamasyny hem teklip etdi.

Meýilnama laýyklykda, özbek işçilerini ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna çekmek mümkinçilini bermek göz öňünde tutulýar.

Şonuň bilen bir wagtda, özbek işçileriniň Russiýada işlemek üçin rugsat almagy, öňki ýörelge esasynda, belli bir iş berijiniň zerurlyklaryna we talaplaryna bagly bolar.

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Russiýanyň hökümeti daşary ýurtly işçileri ýurda çekmek üçin synag taslamasyny tassyklady. Taslamanyň çäginde Özbegistandan Russiýa 10,000 gurluşykçy gelmeli edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG