Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Berdimuhamedow "Altkomyň" başlygyny kabul etdi, habarda Ukraina agzalmaýar


Gurbanguly Berdimuhamedow 
Gurbanguly Berdimuhamedow 

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda Aşgabatda “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen duşuşdy.

Duşuşykda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH anyklaşdyrmazdan habar berdi. Şeýle-de habarda mundan öňki ýyllarda ukrain kompaniýasy hökmünde görkezilen kärhananyň haýsy ýurda degişlidigi aýdylmaýar.

Habarda bellenmegine görä, işewür Türkmenistanyň maýa goýumy babatda özüne çekijidigini, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlaryna köpri gurmak ugrunda toplan tejribelerini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

“Altkom” mundan öň Türkmenistanda Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap köprüsini gurdy.

Uzynlygy 1750 metrlik köpri 2017-nji ýylyň mart aýynda açyldy. Bu köpriniň şertnama esasyndaky bahasy, şol wagt berlen maglumata görä, 169 million dollar möçberinde boldy.

Ýöne şondan bir ýyl öň çykan maglumatlara görä, Türkmenistanda işleýän ukrain kompaniýasy belli bir maliýe kynçylyklary bilen hem ýüzbe-ýüz boldy.

«Wremýa Wostoka» neşiriniň 2016-njy ýylda beren maglumatyna görä, Ukrainanyň «Altkom» maliýe-senagat kompaniýasy Türkmenabatda gurýan aeroport terminalyny wagtynda tabşyryp bilmedi.

«Altkom» bahasy tas 500 million dollara barabar aeroport terminalyny şu ýylyň fewralynda tamamlamalydy. Emma muňa garamazdan, «Wremýa Wostokanyň» ýazmagyna görä, planlaşdyrylan işiň ýarysyndan hem az iş edilipdir we türkmen tarapy bu gijikme sebäpli şertnamany bozmakçy bolýar.

Şol ýyl ukrain metbugatynda «Altkomyň» - ukrain gurluşyk hyzmatlarynyň eksport lideriniň batmagyň öň ýanynda durandygy aýdylýardy.

Bu duşuşyk prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanda golf meýdançalaryny gurmak bilen gyzyklanýan amerikan işewürlerini kabul etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG