Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ kompaniýalary Türkmenistanda golf sportunyň ösdürilmegine goldaw bermek isleýär


Bezeg suraty

Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji maýda “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Habarda şu ýyl iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi, “John Deere”, “Сase”, “General Eleсtriс”, “Boeing” ýaly kompaniýalaryň türkmen bazaryndaky strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işläp gelýändigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda uly üns berilýän sport ulgamy hyzmatdaşlygyň täze ugry hökmünde bellenildi, bu ulgamda ýöriteleşen amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanda sportuň golf görnüşiniň ösdürilmegine goldaw bermegi maksat edinýändikleri aýdyldy.

Döwlet baştutany bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini nazara alyp, türkmen tarapynyň täze tekliplere we däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygyny tassyklady, duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistandaky ilkinji golf meýdançasy öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda guruldy.

Aşgabadyň günorta-günbatarynda 70 gektar meýdany eýeleýän golf meýdançasynyň guruljakdygy barada türkmen häkimiýetleri ilkinji gezek 2017-nji ýylyň 12-nji aprelinde habar berdiler.

Türkmen mediasynyň şol döwürde beren maglumatlaryna görä, ýurtda 10-a golaý golf meýdançasynyň guruljakdygy mälim boldy.

Emma hökümet gurak howaly çöllük ýurtda gurulýan golf meýdançalaryny saklamak üçin zerur bolan çykdajylar barada hiç bir düşündiriş bermedi.

Ýatlatsak, “Nikolaus dizaýn” kompaniýasynyň başlygy Jek Nikolaus Türkmenistanda golf sportuny ösdürmek niýetini 2015-nji ýylyň 7-nji maýynda, şol wagtky prezident Berdimuhamedow bilen duşuşygynda aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG