Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen prezidenti suw hojalygynyň başlygyna berk käýinç berdi


Nohur görnüşi. Bezeg suraty

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ...pudagyň desgalaryny netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Güýzgeldi Baýjanowa berk käýinç yglan edildi.

Şol bir wagtda, wise-premýer E.Orazgeldiýewiň Daşoguzda geçirilen göçme mejlisde sebitiň suw üpjünçiligini gowulandyrmak barada edilýän işler barada hasabat bermegine garamazdan, gurak gelen ýyllaryň oba hojalygyna ýetirýän ýaramaz täsiri, onlarça ýyllap idegsiz galan suw desgalarynyň hakyky ýagdaýy we daýhanlaryň kynçylygy barada anyk gürrüň edilmeýär.

Emma TDH-nyň, Daşoguz welaýaty boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijelerine salgylanyp, anyklaşdyrman ýazmagyna görä, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini hem-de melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek maksady bilen, 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda geçiriljek çäreleriň degişli hasaplamalary ýerine ýetirildi.

Ýerli synçylaryň, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan hünärmenleriň tassyklamagyna görä, Türkmenistandaky suw desgalary, şol sanda oba infrastrukturasy, häkimiýetleriň esasan başga gurluşyklara köp mukdarda serişde goýbermegi bilen, onlarça ýyllar bäri idegsiz galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG