Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Hytaýyň dünýä tertibine Russiýadan has uly wehim salýandygyny aýdýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 26-njy maýda Baýden administrasiýasynyň Hytaý syýasatyny beýan etdi, onda häzir Russiýanyň Ukraina çozmagyna bilelikde garşy durýan ýurtlaryň Waşingtonyň Pekinden abanýar diýip hasaplaýan has çynlakaý howpuna garşy has giň koalisiýa gurmagy nazarda tutulýar.

Blinken Waşingtonda eden çykyşynda ABŞ-nyň Russiýanyň Ukrainadaky urşuna edil häzirki ýagdaýda halkara durnuklylygyna abanýan iň howply wehim hökmünde seredýändigini, emma Baýden administrasiýasynyň Hytaý has uly wehim salýar diýip hasaplaýandygyny aýtdy.

Hatda uruş dowam etse-de, "biz halkara tertibiniň iň düýpli we uzak möhletli kynçylygyna üns bermegimizi dowam etdireris we bu Hytaý Halk Respublikasynyň salýan wehimi” diýip, Blinken aýtdy.

Hytaý Ikinji jahan urşy gutaraly bäri özara gatnaşyklary ugrukdyrýan düzgünlere we guramalara esaslanýan halkara tertibinden düýpli peýda gördi, emma ol indi bu tertibi bozmaga çalyşýar diýip, ol aýtdy.

Blinken administrasiýanyň Hytaýyň erjelligine garşy durmak üçin harçlajak serişdelerini jemlemegiň üç ugurly çemeleşmesini aýan etdi.

Ol Russiýanyň Ukraina çozmagyna garşy dünýä derejesinde bildirilen reaksiýanyň Hytaýyň täze we garaşylmadyk dünýä tertibini döretmek ugrundaky tagallalaryna garşy hem nusga bolup biljekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG