Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ogulgerek Berdimuhamedowa "Türkmenistanyň at gazanan halyçysy" boldy


Bezeg suraty

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary esasynda, ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.

Şeýle-de, TDH prezident Serdar Berdimuhamedowyň karary esasynda, ondan gowrak halyça «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylandygyny habar berýär.

Habarda halyçylaryň aýratyn alnan birine dakylan adyň näme üçin prezidentiň gol çeken karary esasynda däl-de, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowanyň gol çeken karary esasynda berilýändiginiň sebäbi anyklaşdyrylmaýar.

Mejlisiň kararynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň “şan-şöhratly ösüşlerini çeper elleriniň, uz barmaklarynyň döredýän haly gölleridir nagyşlarynyň üsti bilen dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşan ussat halyçylaryň biri-de Ogulgerek Berdimuhamedowadyr”.

Şeýle-de onuň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda uzak ýyllar “birkemsiz zähmet çekip”, hormatly ada «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň teklbi esasynda mynasyp görlendigi aýdylýar, emma döwlet baştutanynyň garyndaşydygy ýa däldigi anyklaşdyrylmaýar.

Açyk çeşmelerdäki maglumatlara görä, öňki we häzirki prezidentleriň ikisiniň hem aýallarynyň ady Ogulgerek.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG