Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa ozalky prezident Dodony öý tussaglygyna ýerleşdirdi


Moldowanyň ozalky prezidenti Igor Dodon. Maý, 2022 ý.

Moldowanyň sudy Moskwa tarapyndan goldanylan ýurduň ozalky prezidenti Igor Dodony 30 günlük öý tussaglygyna ýerleşdirdi. Bu sülçülere oňa korrupsiýa we dönüklik boýunça bildirilýän aýyplamalary derňemäge mümkinçilik bermek üçin edildi.

Kişinýowyň sudunyň 26-njy maýda çykaran kararyndan iki gün öň, Dodonyň öýünde gözleg işleri geçirildi we ol 72 sagatlyk saklandy.

Dodon suduň kararyndan soň, aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýtdy. Moldowa hökümeti muny ret etdi.

Moskwa tarapyndan açyk goldanylan we rus prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýaranlarynyň biri hökmünde garalan Dodon, 2016-2020-nji ýyllar aralygynda prezident bolupdy.

Ol soňky saýlawlarda Günbatar gymmatlyklarynyň tarapynda çykyş edýän, ABŞ-da bilim alan we Bütindünýä bankynyň ozaky resmisi Maia Sandudan ýeňildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG