Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň howpsuzlyk güýçleri protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy


Abadan şäherinde geçirilen demonstrasiýa

Ýerli habar beriş serişdelerine görä, 28-nji maýda howpsuzlyk güýçleri Eýranyň günorta-günbataryndaky Huzestan welaýatynyň paýtagty Abadan şäherinde demonstrantlary dargatmak üçin howa ok atyp, göz ýaşardyjy gaz ulandylar.

Gurulýan 10 gatly Metropol binasynyň uly böleginiň çökmegi Eýranyň soňky ýyllardaky iň agyr betbagtçylyklaryndan biri boldy.

Ýerli metbugatyň habaryna görä, demonstrantlar 27-nji maýda Abadanda we Yrak bilen serhetleşýän welaýatyň beýleki şäherlerinde yzly-yzyna üçünji gije ýygnandylar.

"Fars" habar gullugynyň maglumatyna görä Abadan şäherindäki howpsuzlyk güýçleri ölenlere gynanýan ýüzlerçe demonstranty dargatmak üçin "ýykylan ýeriň golaýynda göz ýaşardyjy gaz ulanyp, howa ok atypdyr".

Protestçiler "başarnyksyz resmilere ölüm" we "başarnyksyz resmiler jezalandyrylmaly" diýip gygyrdylar.

Protestler tutuş ýurtda internetiň kesilmegi we "Netblocks" web gözegçilik toparynyň “Eýranda internet aragatnaşygynyň kesilendigini” tassyklaýan habarlaryň arasynda ýüze çykdy.

Birinji wise-prezident Muhammet Mohber döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda "potratçy, gurluşykçy, gözegçi we ygtyýarnama beriji ulgamlarynyň arasynda giňden ýaýran korrupsiýanyň bardygyny" aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG