Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB, ABŞ we Britaniýa Ukrainada halkara uruş jenaýatlaryny derňemek üçin topar döretdi


Ukraina

Ýewropa Bileleşigi, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Britaniýa Ukrainada uruş jenaýatlaryny derňemek üçin maslahat toparynyň döredilendigini habar berdiler (Atrocity Crimes Advisory Group, ACA).

Geňeş, Ukrainanyň Baş prokuraturasynyň rus goşunlarynyň harby gullukçylaryny Ukrainadaky jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin jenaýatlaryň subutnamalaryny resminamalaşdyrmak, saklamak we seljermek boýunça alyp barýan işlerine goldaw berer.

"Rus goşunlarynyň Ukrainada eden jenaýatlarynyň subutnamalarynyň toplanmagy dowam etdirilýär. Ilki bilen zorluk müňlerçe ilatyň ölmegine we raýat infrastrukturasynyň weýran bolmagyna sebäp bolan gür ilatly şäherleri we obalary bombalamak, raketa we artilleriýa hüjümleri görnüşinde ýüze çykdy" diýip, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken öz beýanatynda aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň diplomaty Josep Borrell: "Russiýanyň Ukrainadaky esassyz harby agressiýasy wagtynda edilen aýylganç wagşyçylyklar üçin jogapkärleriň hemmesiniň jogapkärçilige çekilmegini üpjün etmek möhümdir. Uruş jenaýatlary jezasyz galyp bilmez" diýdi.

Maslahat beriji topara girýän jenaýat boýunça bilermenleriň köpüsi howpsuzlyk maksady bilen Polşada ýerleşer.

2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Kiýewiň Solomenskiý sudy Sumy sebitinde bir raýaty öldürmekde günäkärlenýän rus seržanty Wadim Şişimarini ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi. Ol basybalyjylyk başlanaly bäri Ukrainada sud edilen ilkinji rus esgeri.

Poltawa sebitindäki sud ýene iki rus harby gullukçysy - Aleksandr Bobykiniň we Aleksandr Iwanowyň işlerine seredýär. Derňewiň netijesine görä, 24-nji fewralda olar Harkow sebitiniň oka tutulmagynyň iki ýagdaýyna gatnaşypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG