Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň jaýy saglyk toplumyna öwrüler


Gyrgyzystanyň Döwlet emläk dolandyryş gaznasy Sosial-demokratlar partiýasynyň wekilleriniň ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň Koý-Taşdaky rezidensiýasynda çagalar üçin bilim we dynç alyş sport toplumyny açmagy buýrandygy baradaky maglumatlara düşündiriş berdi diýip, Azatlygyň Gyrgyz gullugy habar berýär.

Aýdylmagyna görä, “Koý-Taş obasyndaky umumy meýdany 1385,5 inedördül metre barabar bolan saglyk merkezi döwlet eýeçiligine geçirildi” we eýeçilik hukugy 12-nji aprelde kadastr hasabyna alyndy.

Şeýle-de, gaznanyň işgärleriniň 30-njy maýda emläk sanawyny almak üçin ol ýere baryp görendikleri we Atambaýewiň wekillerine üç günüň içinde desgany boşatmak zerurlygyny aýdandyklary habar berildi.

Bişkegiň Birinji Maý etrap kazyýeti 2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Almazbek Atambaýewi jenaýat ketdesi Aziz Batukaýewiň bikanun boşadylmagy meselesinde, emlägini konfiskasiýa etmek bilen, 11 ýyl 2 aý azatlykdan mahrum etdi.

Soň Bişkek şäher kazyýeti bu karary güýjünde galdyrdy. Şu ýylyň mart aýynda Ýokary kazyýet hem başda çykarylan hökümi güýjünde galdyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG