Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan ýyl başyndan bäri 124,000 tonnadan gowrak un satyn aldy. Esasy üpjünçi - Gazagystan


Döwlet statistika komitetiniň maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Özbegistan un importyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22 müň tonna artdyryp, 124,8 müň tonna çenli ýokarlandyrdy.

Merkezi Aziýa respublikasy dört aýyň dowamynda un satyn almak üçin 38,5 million dollar sarp etdi diýip, Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy habar berýär.

Gazagystan 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Özbegistana 122,8 müň tonna bugdaý ununy eksport edip, iň esasy üpjünçi boldy.

Ýöne Gazagystan 15-nji aprelde bugdaý we un eksportyna çäklendirme girizmeli boldy.

"Bu çäre içerki bazardaky ýetmezçilikleriň we un öndürýän kärhanalarda döräp biljek dartgynlygyň öňüni almak üçin zerur" diýip, Gazagystanyň oba hojalyk ministriniň birinji orunbasary Aýdarbek Saparow aýtdy.

Özbegistan aprel-iýul aýlarynda Gazagystandan 100,000 tonna üçünji derejeli bugdaýy (bölekleýin un görnüşinde), ýerlikli bahadan import etmekçidi.

“Gazeta.uz” neşiri Özbegistanyň birinji çärýekde Gazagystandan bugdaý, un, ýag, margarin, et we arpa importyny hem ep-esli ýokarlandyrandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG