Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fergana şäherinde adamlar çörek üçin nobata durýarlar


“Darýe” neşiriniň maglumatyna görä, Özbegistanyň Fergana şäherinde ýaşaýjylar bişirilen çörek üçin nobata durýarlar. Çörek nobatyny görkezýän wideonyň 2-nji iýun güni irden düşürilendigi aýdylýar.

Wideonyň awtory azyk dükanyna gelen alyjylaryň çörek almak üçin hatara düzülendigini, "çöregi ýetişenleriň alyp bilendigini, ýetişmedikleriň alyp bilmän galandygyny” aýtdy.

Biraz öň Daşkentde buhanka çöregiň bahasynyň 1-nji iýundan bäri 2800 suma ($ 0.25) çenli ýokarlanandygy habar berildi.

Ykdysadyýet ministrligi galla bazarynyň liberallaşdyrylyşyny seljerip, “Daşkentde çörek arzan bolansoň, ony goýun we iri şahly mallar üçin satyn alýanlaryň sanynyň köpelendigini, sebäbi buhanka çöregiň bahasynyň bugdaý iýminden arzandygyny” aýtdy.

Monopoliýa garşy komitet hem çöregiň bahasynyň ýokarlanmagyna düşünidirş berdi.

Bu edaranyň maglumatyna görä, "çöregiň iň ýokary bahasy Daşkende, 2800 sum bolsa, iň pes bahasy Kaşkadarýa sebitinde - 1650 sum ($ 0.15). Ýurtda çöregiň ortaça bahasy 2250 sum ($ 0.2) diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG