Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

NATO başlygy Ukrainadaky ‘surnukdyryjy’ urşuň gepleşik bilen tamamlanjagyny aýdýar


 NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg  ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloyd Austin bilen.

Ukrainadaky uruş “surnukdyryjy urşa” öwrüldi we Günbatar ýurtlary “uzak ýola” taýyn bolmaly ”diýip, NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg 2-nji iýunda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen geçirilen gepleşiklerden soň aýtdy.

"Uruşlar tebigaty boýunça öňünden çak edip bolmaýan zat bolýar, şu sebäpden biz munuň uzaga çekmegine taýyn bolmaly" diýip, Stoltenberg Baýden bilen Ak tamda duşuşandan soň, žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.

Şeýle-de ol NATO-nyň Russiýa bilen göni gapma-garşylyga girmek islemeýändigi barada ozalam aýdan sözlerini gaýtalady. Ýöne bileleşigiň Ukrainany goldamakda "jogapkärçiliginiň" bardygyny nygtady.

Stoltenberg ukrainleriň "öz ýurtlaryny goramak üçin ýokary töleg töleýändigini" aýtdy, emma Russiýanyň hem "köp ýitgi çekendigini" belledi.

Uruş gepleşik stolunda tamamlanjaga meňzeýär, gepleşikleriň dowamynda bolup geçýän zatlar "ýerlerdäki ýagdaý bilen ýakyndan baglanyşykly" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek üçin toprak ýitgisini kabul etmek barada Ukraina günbatar tarapyndan basyş edilýändigi ýa-da däldigi soralanda, Stoltenberg Ukrainanyň nämäni kabul etmelidigini ýa-da ret etmelidigini "kesgitlemek bize galmandyr" diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG