Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moskwadaky Biznes merkezinde ýangyn turdy, adamlaryň ýokarky gatda galandygy aýdylýar


Arhiw suraty

Ýangyn söndürijiler 3-nji iýunda Moskwanyň ýalna gaplanan Biznes merkezinden 120 adamy ewakuasiýa etdi diýip, Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň resmileri aýdýar.

Sosial ulgamlarda we habar beriş serişdelerinde berilýän maglumatlara görä, Moskwanyň günbataryndaky 10 gatly “Grand Setun Plaza” söwda merkeziniň ýokarky gatlarynda bir topar adamyň binadan çykyp bilmän galan bolmagy mümkin.

Binanyň fasadyny we içini örtmek üçin ulanylýan sintetiki materiallar sebäpli ýangyn gaty çalt birinji gatdan dördünji gata çenli ýaýrady diýip, resmiler aýtdy.

Wakanyň bolan ýerine 200 töweregi ýangyn söndüriji geldi. Adatdan daşary ýagdaýlar ministri Aleksandr Kurenkow ýangyn söndürijileriň ýangyny söndürmek we binanyň içinde bolup biljek adamlary halas etmek işlerine gözegçilik edýär.

Ýangynyň sebäbi belli däl.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG