Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sebit resmisi ukrain güýçleriniň Sewerodonetskde gideren ýerlerini yzyna alandygyny aýdýar


 Donetsk sebiti
Donetsk sebiti

Ukraina öz güýçleriniň gündogar Donbas sebitini basyp almaga çalyşýan rus güýçlerinden hüjümiň merkezi bolan Sewerodonetsk şäherinde ýitiren ýerleriniň 20 göterimini yzyna alandygyny we söweşleriň 4-nji iýunda hem dowam etmegi bilen, ony iki hepdä çenli saklap biljekdigini aýtdy.

Luhansk sebit harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Haýdaý ukrain güýçleriniň Sewerodonetskiň içinde öz pozisiýalaryny saklamagyny dowam etdirýändigini we rus goşunlaryny birnäçe ýerde yza serpikdirýändigini aýtdy. Russiýanyň senagat şäherini basyp almak üçin el astyndaky güýçleriniň ählisini ulanmagy netijesinde, Haýdaý sebitdäki ýagdaýy "adatdan daşary kyn" diýip häsiýetlendirdi.

Haýdaýyň sözlerine görä, Ukrainanyň goşmaça harby güýç getirmeginiň we Sewerodonetskdäki parahat ilata kömek bermeginiň öňüni almak üçin, rus güýçleriniň Sewerskiý Donets derýasynyň üstünden geçýän köprüleri partladýar.

Goňşy Donetsk sebitiniň häkimi Pawlo Kirilenko 3-nji iýunda rus goşunlarynyň Slowiýansk şäheriniň alkymynda, 15 km golaýynda ýerleşýändigini aýtdy.

Günbatar ýurtlarynyň Ukraina rus ýaraglarynyň garşysynda durmagy üçin ýeterlik ýarag bermäge howlukmagy bilen, Russiýa Moskwany goldaýan separatistleriň eýelän ýerleriniň töwereginde has kän ýer almak üçin, gündogar Ukrainadaky hüjümlerini güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG