Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda konstitusiýa üýtgetmelerine ses berilýär


Almaty, 5-nji iýun, 2022

Gazagystandaky saýlawçylar prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýurdy “aşa prezident dolandyryşyndan güýçli parlament dolandyryşyna daýanýan prezident respublikasyna öwürmek” üçin diýip düşündiren konstitusiýa referendumynda ses berýärler.

5-nji iýunda geçirilýän referendumda sese goýulýan 56-a golaý konstitusiýa üýtgetmesi baradaky teklipler ýanwar aýynda bolan ganly tolgunyşyklardan soň edildi. Bu gozgalaň Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursolltan Nazarbaýewiň uzaga çeken ýurt dolandyryşynyň soňlanmagyna alyp geldi.

Hökümetiň garşydaşlarynyň käbiri adamlara teklipleri öwrenmek üçin ýeterlik wagt berilmändigini aýdyp, Tokaýewiň referendumy yza süýşürmegini talap etse, beýlekileri ses berişligiň düýbünden ýatyrylmalydygyny aýtdylar.

Konstitusiýa giriziljek üýtgeşmeler ýurduň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirýän wagtynda syýasy partiýanyň agzasy bolmagyny gadagan eder, prezidentiň garyndaşlarynyň esasy döwlet wezipelerine bellenmegine ýol bermez. Bu çäre Gazagystanda Nazarbaýew döwründe çuň kök uran garyndaşparazlygyň öňüni almaga gönükdirilen diýip hasaplanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG