Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlaw komissiýasy: Gazagystanda ses berijileriň 80%-i konstitusiýa üýtgetmelerini goldady


Merkezi saýlaw komissiýasy, deslapky maglumatlara görä, teklip edilýän üýtgetmeleri ses berijileriň 77,18%-iň goldandygyny aýtdy.
Merkezi saýlaw komissiýasy, deslapky maglumatlara görä, teklip edilýän üýtgetmeleri ses berijileriň 77,18%-iň goldandygyny aýtdy.

Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 5-nji iýunda geçirilen referendumda ses berijileriň uly böleginiň ýurduň Konstitusiýasyna girizilmegi hödürlenýän goşmaçalary makullandygyny yglan etdi.

Baş kanuna hödürlenýän üýtgetmelere laýyklykda, şol sanda ýurtdaky karar kabul etmek prosessiniň merkezleşdirilmegi gowşadylýar, şeýle-de ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň “milletiň atasy” ady aýrylýar.

Referendumda sese goýlan 56-a golaý konstitusiýa üýtgetmesi baradaky teklipler ýanwar aýynda bolan ganly tolgunyşyklardan soň edildi. Bu gozgalaň Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň uzaga çeken ýurt dolandyryşynyň soňlanmagyna alyp geldi.

Merkezi saýlaw komissiýasy referenduma gatnaşygyň 68,06% bolandygyny, şeýle-de, deslapky maglumatlara görä, teklip edilýän üýtgetmeleri ses berijileriň 77,18%-iň goldandygyny aýtdy.

Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew referendumyň ýurdy “aşa prezident dolandyryşyndan güýçli parlament dolandyryşyna daýanýan prezident respublikasyna öwürmegi” maksat edinýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG