Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel Russiýanyň Ukrainadaky urşuny ‘beýik heläkçilik’ atlandyrdy


Germaniýanyň ozalky kansleri Angela Merkel
Germaniýanyň ozalky kansleri Angela Merkel

Germaniýanyň ozalky kansleri Angela Merkel 7-nji iýunda beren interwýusynda Ukrainadaky ýagdaýlaryň doly gerimli konflikte ýazmagynyň öňüni almak ugrunda güýçli tagalla edendigini aýtdy.

Merkel häkimiýetden gideninden soň beren ilkinji interwýusynda Germaniýanyň we Fransiýanyň Minsk ylalaşygy babatynda Russiýa bilen işleşmek tagallalarynyň netije bermändigine “çuňňur gynanýandygyny” aýtdy, şol bir wagtda munuň üçin özüni günäkärlemeýändigini hem sözüne goşdy.

“Diplomatiýanyň işlemändigi sebäpli, bu onuň ýalňyşdygyny aňlatmaýar” diýip, Merkel ARD kanalyna beren interwýusynda aýtdy. “Şol sebäpli, men munuň ýalňyşdygyny aýtmaga hiç hili esas görmeýärin, munuň üçin ötünç sorajak däl” diýip, ozalky kansler belledi.

Merkel Russiýanyň “halkara kanunyny gödek bozmagyna” hiç hili düşündiriş bolup bilmejekdigini aýdyp, Ukrainadaky ýagdaýlary “beýik heläkçilik” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol Ukrainanyň NATO agzalygyna kabul edilmegine garşy çykmak baradaky kararyny, Russiýa bilen dartgynlylyklaryň ýitileşmegini islemändigi we Ukrainanyň Ýaranlyga goşulmaga taýýar däldigi bilen delillendirdi.

Merkel prezident Wladimir Putiniň Günbataryň demokratiki gurluşyny “ýigrenýändigi” barada özünde ham-hyýalyň bolmandygyny hem aýtdy.

XS
SM
MD
LG