Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystanda Akina-Andhoý demirýolunyň galan bölegini gurýar


Owganystanyň Akgina demirýol stansiýasy. 2021 ý.

Türkmenistanyň demirýolçulary 5-nji iýunda Owganystanda Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etdirmek üçin Balh welaýatynyň Akgina şäherine geldiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi mälim edip, munuň “Türkmendemirýollary” agentliginiň we Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda amal edilýändigini belledi.

Uzynlygy 30 km bolan gürrüňi gidýän demirýol ugrunyň gurluşygy 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda başlanypdy.

Türkmen DIM-i pandemiýa zerarlary girizilen çäklendirmeler sebäpli demirýolunyň 29 kilometriniň we 200 metriniň gurulandygyny we galan 800 metriniň bir aýyň dowamynda gurlup tabşyryljakdygyny aýtdy.

Geçen ýylyň awgustynda Kabul hökümeti synandan soň, “Talyban” häkimiýeti ele geçiripdi. Günbatar we hukuk toparlary halkara derejede ykrar edilmedik “Talybanyň” hökmetini adam hukuklaryny berk çäklendirmekde tankytlaýarlar.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG