Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Ukrain güýçleri Sewerodonetski ‘üstünlikli’ goraýarlar


Rus basybalyjy güýçleri bar ünsüni Sewerodonetske gönükdirdi
Rus basybalyjy güýçleri bar ünsüni Sewerodonetske gönükdirdi

Prezident Wolodymyr Zelenski, Russiýanyň san we ýarag taýdan artykmaçlyk edýän basybalyjy güýçlerine garamazdan, ukrain goşununyň Donbas sebitini goramak ugrundaky “mertlerçe” tagallalaryny dowam etdirjekdigine söz berdi. Bu aralykda Sewerodonetsk möhüm şäherini ele geçirmek boýunça gazaply çaknyşyklar dowam edýär.

“Biziň esgerlerimiz Sewerodonetsk şäherine edilýän hüjümleri üstünlikli yza tesdirýärler” diýip, ukrain baş harby ştaby 8-nji iýunda mälim etdi. Maglumatda ukrain goşunynyň günortadaky Toşkywka we Ustynywka şäherlerine edilýän hüjümleri hem saklaýandygy bellenilýär.

Luhansk sebitiniň häkimi Serhiý Haýdaý Sewerodonetsk bilen derýa arkaly serhetleşýän Lysyçansk şäheriniň hem oka tutulýandygyny aýtdy.

Uruş hereketleriniň dowam edýän sebitlerinden gowuşýan bu maglumatlary garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl.

Rus basybalyjy güýçleri, fewralda Ukraina hüjüm etmeginden soň, ýurduň beýleki sebitlerinden yza tesdirilmegi netijesinde, häzir bar ünsüni Sewerodonetske gönükdirdi.

“Basybalyjylar biziň harbylarymyzyň garşy duruş hereketleriniň bu derejede güýçli boljakdygyny çaklamadylar” diýip, Zelenski 7-nji iýunda giçlik eden çykyşynda belledi. “Donbasyň gürrüňsiz mertlerçe goragy dowam etdirilýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Sewerodonetskde köçe çaknyşyklary barha ýitileşýär we şäherdäki ýagdaýlar dowamly üýtgeýär.

7-nji iýunda Russiýa Sewerodonetskiň ýaşaýyş sebitleriniň, öz sözleri bilen aýdylanda “doly azat edilendigini” belledi. Şol bir wagtda, şäheriň senagat zolagy we golaý-goltumyndaky sebitler ukrain güýçleriniň gözegçiliginde galýar.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň 8-nji iýunda beren maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda taraplaryň hiç biri-de şäherde “möhüm öňegidişligi” gazanyp bilmändir.

Britan aňtaw gulluklarynyň maglumatynda ukrain güýçleriniň garşylykly hüjümleri netijesinde günorta-günbatardaky Herson regionynyň käbir sebitlerinde üstünlikleri gazanandygy hem bellenilýär.

Bu aralykda, Russiýanyň TASS habar agentligi Mariupol şäherindäki Azowstal polat zawodynyň 1 müňe golaý ýesiriniň derňewler üçin Russiýa iberilendigini mälim etdi.

Ukraina Azowstalyň 2 müňe golaýdygy çaklanylýan goragçylaryny rus ýesirleri bilen çalyşmak ugrunda tagalla edýär. Emma rus kanunçykaryjylary bu esgerleriň sud edilmelidigini aýdýarlar.

Zelenski Russiýanyň bu ýesirler babatyndaky garaýyşynyň dowamly üýtgeýändigini aýtdy.

Russiýa esasan Mariuopol şäherini gorap wepat bolan ukrain esgerleriniň 210 jesedini gowşurdy diýip, ukrain harbylary mälim etdi.

Şol bir wagtda, rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainanyň galla önümleriniň eksportyny ýola goýmak meselesini maslahatlaşmak üçin, Türkiýä sapar edýär.

Ukraina we Günbataryň köp hökümeti Russiýany dünýädäki azyk üpjünçiligi krizisini öz bähbitlerine ulanmakda aýyplaýarlar. Mundan öň, Moskwa halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň öwezine, Ukrain galla hasylynyň eksport edilmegine mümkinçilik döretjekdigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG